Geljegiň tehnologiýalary şu günki bilim pudagynda
Geljegiň tehnologiýalary şu günki bilim edaralarynda
Wirtual reallyk, geýmifikasiýa (gamification) we emeli aň (AI) – düýnem bu zatlar daş geljek ýaly bolup görünýärdi, emma bu günki günde hem bu zatlaryň ählisi okuw prosessine girizilýär. Okuwa degişli döwrebap innowasion tehnologiýalar nähili ýagdaýda okuw prosessini has gyzykly we netijeli geçirýändigi barada aşakda beýan edilýär.
Sanlylaşdyrma
Mekdepleriň infrastrukturasy yzygiderli täzelenýär, döwrebap okuw tehnologiýalary girizilýär.
Mekdepleriň infrastrukturasy yzygiderli täzelenýär, döwrebap okuw tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Mysal üçin, birnäçe ýyl mundan ozal okuwçylar deňlemeleri hek bilen synp tagtasynda çözýärdiler, bu gün bolsa hemme mekdeplerde diýen ýaly interaktiw tagtalar bar. Mugallymlar olaryň üsti bilen islendik wideolary, suratlary, prezentasiýalary çykaryp bilýärler. Köp interaktiw tagtalar sensorly bolup, olara eliň degirip, çyzyp, ýazyp bolýar – bu birinjiden amatly, hek bilen bulaşmak gerek däl, ikinjiden şu usulda işlemegiň özi islendik ýaşdaky çaga üçin örän gyzykly bolup durýar.
Interaktiw tagtalardan daşary hem, mekdeplerde girmek-çykmak üçin sanly ulgamlar ornaşdyrylýar. Bu zatlar hem mekdepleri döwrebaplaşdyrmagyň ýörelgelerine esaslanýar. Onuň kömegi bilen ene-atalar öz çagalarynyň sagat näçede mekdebiň jaýyna girendigini we sagat näçede çykandygyny yzarlap bilýärler. Häzir okuwçylar geçelge elektron kartalaryny turnikete degirip geçmeli bolsalar, ýakyn geljekde bolsa onuň deregine biometriýa tehnologiýalary ulanylar – Touch ID ýaly barmaklaryň yzlary we gözüň torunyň skanirlenmesi.
Kagyz gündelikler geçmişde galdy – indi elektron gündelikler ulanylýar. Ýönekeý printerleriň deregine 3D printerler ulanylşa girizilýär, okuwçylar olaryň kömegi bilen okuwda gerek bolan islendik detaly çap edip bilerler.
Ýönekeý kagyzlaryň ulanylmagy hem bes edilip bilner – alymlar OLED-displeýleri işläp düzmegiň ugrunda işleýärler. Bu inçe, maýyşgak we ýuka “listlar” bolar, olary edil kagyz ýaly epläp we üýşürip saklamak mümkindir. Bu dogurdan hem has amatly, ekologiki taýdan howpsuz we ýönekeý kagyzdan has uzak çydamlydyr, olar ýyrtylmaýar we maýyşgak planşet ýaly interaktiw hasaplanylýar.
Onlaýn-okuwlar — bilim almagyň döwrebap usulydyr
Öňler obalardaky ýaşlar ýokary bilim almak üçin uly şäherlere gitmegi maksat edýärdiler. Indi bolsa gowy bilim ýazgyda duran ýeriňe bagly däldir, islendik derejeli we milletli mugallymyň sapaklaryna gatnaşyp bolýar, hatda dünýäniň başga çetinde ýaşaýan hem bolsa.
Onlaýn-okuwlar görlüp-eşidilmedik tizlik bilen ösýär. Ýakyn geljekde diňe bir diri adamlaryň gatnaşmagyndaky distansion sapaklar däl-de, eýsem emeli aňyň (artificial intelligence) dolandyrmagynda hem okuwlaryň geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Mysal üçin, Microsoft kompaniýasy hytaý dilini öwrenmek üçin programma işläp düzdi. Onda okuwçy gepleşik penjiresinde mugallym-botuň (robot-programma) gysgaça hat-habarlaryna we audio-habarlaryna jogap berýär. Emeli aň jogaplary analizirleýär we okuw programmanyň gerekli bolan derejesini saýlap berýär.
Onlaýn-okuwlaryň häzirki zaman tehnologiýalary bilim almagy hemmeler üçin diýen ýaly elýeterli edýär. Internet ulgamyny ulanmaga mümkinçiligi bolan her bir adam olaryň üsti bilen bilim alyp biler we belki-de, geljekde adaty (mugallym bilen ýüzbe-ýüz) okuwlar doly ýitip gitmegi hem mümkindir.
Geýmifikasiýa (gamification)

Şu günki bilim ulgamy hem ösüp barýan nesle görä döwrebap bolmalydyr. Häzirki zamanyň çagalaryň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaly we döwrebap tehnologiýalary mekdeplerde ornaşdyrmaly.
Öňki döwrüniň bilim beriş ýörelgeleri könelýär – 2022 ýylda köne, öz güýjini ýitiren okuw kitaplaryny dörmek ýa-da äpet we düşnüksiz görünýän gönükmeleri elden göçürmek indi birhilli bolup durýar.
Okuw prosessini has gyzykly we interaktiw etmek üçin geýmifikasiýa (gamification) geçirilýär: okuw prosessine oýnuň elementleri ornaşdyrylýar (şol sanda kompýuter oýunlary we wideo-oýunlary).
Geýmifikasiýa ýalňyşlyklara bolan garaýşy üýtgedýär – çagalar ikilik almakdan gorkmagy bes edýärler. Oýny täzeden geçmek mümkinçiligi – kompýuter oýunlarynyň esasy ýörelgesidir. Näçe gerek bolsa isleg boýunça çözüwi gözlemek we her gezek täze wariantlary tapmak mümkindir.
Wirtual we goşmaça reallyk (virtual and augmented reality)

Wizual serişdeler we tehnologiýalar bilim beriş prosessinde gitdigiçe has köp ulanylýar. Bu ýene-de häzirki zaman nesliň aýratynlygy sebäplidir.
Biziň çagalarymyz hemme zatlary diýen ýaly internetiň kömegi bilen öwrenýärler – öz elleri bilen ýasamagy, saçlary timarlamagy we boýamagy, dilleri öwrenmegi ýaly zatlary. Statistika boýunça ýetginjekleriň 85%-i mydama internetde oturýarlar we olaryň 80%-i wideolar arkaly öz gyzyklanmalary barada has köp maglumatlary öwrenip bilýändiklerini belleýärler. Şonuň üçin hem mugallymlar bilim öwredenlerinde wideo-materiallary, filmlary we wideo-leksiýalary köp ulanýarlar.
Häzirki zaman okuw tehnologiýalaryň ulanylşynyň köpelmegi bilen, çagalar mekdep derslerini wirtual we goşulan reallyklaryň tehnologiýalaryň kömegi bilen öwrenip bilerler. Mysal üçin, VR – kelle-toplumyny geýip, okuwçylar taryhy wakalary görüp we hatda olara gatnaşyp hem bilerler. munuň ýaly okuwlar hemmetaraplaýyn bolýarlar, olar ulanyjynyň “wakalara gatnaşmak” duýgusyny döredip, hakyky reallykda mümkin bolmajak tejribeleri başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.
“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýilşi ýaly okuwlaryň şunuň ýaly görnüşleri, maglumatlary has gowy özleşdirmäge ýardam edýärler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Инновационные технологии обучения в школе - современные технологии онлайн обучения (foxford.ru)