Daşary ýurt tejribelerinden -"StackExchange"



StackExchange – https://stackexchange.com/ 
bu web-saýt dürli ugurlara degişli bolan soraglar we olara bolan jogaplar bilen işlemek üçin 2010-njy ýylda döredilýär. 2014-nji ýylda 300 mln-dan gowrak ulanyjysynyň bardygy bellenildi. 
Saýtyň ulanyjylary sorag bermäge we jogap bermäge hukuklydyrlar. Soraglara we jogaplara ses berilşik geçirilýär (ýagny položitel we otrisatel). Soraglary we jogaplary redaktirlemäge hukuk hem berilýär. 
Ulanyjylar saýty aktiw ulanýandyklary üçin özlerine aýratyn znaçok (bellik) we reputasiýa gazanyp bilýärler. Köp reputasiýa znaçoklary çöplän ulanyjylar has köp hukuklara eýe bolýarlar, mysal üçin başga biriniň materiallaryny redaktirlemek hukugy, soňabaka bolsa moderator ýaly hem bolup bilýärler.




Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25