Daşary ýurt tejribelerinden -"Microsoft IT Academy"
Microsoft IT Academy –bu programma “Microsoft” kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan 2003-nji ýylyň ýanwarynda işlenip düzülip, bilim edaralaryň (ÝOM, OHOM, mekdepler) talyplary we mugallymlary üçin niýetlenýär. Esasy maksady okuwçylar we mugallymlar Microsoft-yň täze tehnologiýalaryny ulanyp bilmeklerini gazanmak. Programma gatnaşyjylar Microsoft-yň dürli önümleri bilen işlemegi öwrenip bilerler: Word, Excel, PowerPoint, Outlook, Access; tor we maglumatlar bazasyny dolandyrjy administratorlar (Windows Server, SQL Server, Windows XP, Vista); Microsoft-yň esasynda programmirleme (С#, Visual Studio); şeýle-de maglumat howpsuzlygy. Microsoft kompaniýasy Akademiýadaky diňleýjileriň okuw prosessini öz gözegçiliginde saklaýar. Okuwlar ýokary derejede häzirkizaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen otaglarda geçirilip, sapaklary sertifisirlenen mugallymlar alyp barýarlar.
Programmanyň esasy maksady we aýratynlygy halkara sertifikatlaşdyrma taýýarlyk görmekdir. Kursy tamamlan diňleýjiler ýörite ekzamenleri tabşyryp, Microsoft-yň sertifisirlenen hünärmenleri bolup bilýärler.
Häzirki wagtda Microsoft Akademiýanyň şahamçalary dünýäniň köp ýurtlarynda ýaýrandyr.
GDA ýurtlary boýunça koordinatory Softline kompaniýasy bolup durýar. Birikmegi isleýän talyplar we okuwçylar üçin ýeňillikler döredilýär. Bu programma birikmegi isleýän ÝOM ýa-da mekdep haýsy ugurdan geljekde zähmet çekmegi niýetleýändiklerini kesgitlemelidirler. Başlangyç ýa-da çuňlaşdyrylan derejäni saýlap bilerler.
