Daşary ýurt tejribelerinden -"Cisco Networking Academy"



Cisco Networking Academy – bu elektron bilim almagyň global programmasy bolup, mugallymlaryň gözegçiliginde we laborator tejribe işleriň kömegi bilen internet arkaly IT ulgamyna degişli bilim almaga gönükdirilendir. 
Akademiýalar ýokary okuw jaýlarynda esaslandyrylýar we telekommunikasiýalar we hasaplaýyş tehnikasy ýaly kurslaryň has-da çuňlaşdyrylyp öwrenilmegine ýardam edýär.  Şeýle hem, akademiýanyň okuw programmalary hünärmenleriň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmak maksady bilen hem okadylyp bilner. 
Okuwlar iňlis we başga-da birnäçe dillerde hödürlenilýär (öň rus dili hem bolupdyr; ispan, portugal we şm dillerde hödürlenilýär). Online okuwlar düşünmesi aňsat dilde geçirilip, olar doly ýagdaýda tölegsizdir. Üstünlikli tamamlanlara sertifikatlar hem berilýär. 

Nämeleri öwrenip bolýar:

1) Programming (Python)
2) Kiberhowpsuzlyk
3) Linux ulgamy




Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25