Sport bäsleşiklerinde ýeňiş gazanan talyplarymyz sylaglandy


Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, şeýle-de “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň” döwlet maksatnamalaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzda geçirilen sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp üstünlikleri gazanan institutyň talyp ýaşlaryny hem-de olary bu bäsleşiklere taýýarlan türgen mugallymlary hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25