MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ ARASYNDA «GÜL-GUNÇALY DIÝARYM!» ATLY BÄSLEŞIK GURALDY


Diýarymyzyň mekdep okuwçylarynyň daşky gurşawa, tebigata söýgüsini artdyrmak, olarda döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek, ekologiýa medeniýetini ösdürmek maksady bilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2025-nji ýylyň dowamynda umumybilim berýän mekdepler bilen bilelikde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Oňa laýyklykda, 19-njy martda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Ýaş alymlar Geňeşiniň, «Ýaş agroekolog», «Ýaş agrohimik», «Ussat agronom» ylmy gurnaklarynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda «Gül-gunçaly Diýarym!» atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bu bäsleşik Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, ösüp gelýän ýaş nesle gözel tebigatymyzy söýmegi we onuň baýlyklaryny, haýwanat, ösümlik dünýäsini gorap saklamagy hem-de olardan rejeli peýdalanmagy wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige orta mekdepleriň 3 okuwçydan ybarat toparlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşan ýokary synp okuwçylary ýurdumyzyň gözel tebigatyny, onuň milli baýlyklaryny, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak hem-de olardan rejeli peýdalanmak barada öz düşünjelerini çeper beýan etdiler. Bäsleşige gatnaşýan toparlar ýurdumyzda ösýän ösümlikleriň tohumlaryndan tebigatyň gözel keşbini ýa-da gülleriň şekillerini mozaika görnüşinde ýasadylar.

Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar we uniwersitetiň rektorlygy tarapyndan sowgatlar bilen sylaglandy.

Çeşmesi: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25