BILIM IŞGÄRLERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin, anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlup, olary amala aşyrmakda uly mümkinçilikler döredilendir.
Ýurdumyzda bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şol işleriň çäklerinde görnükli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çeken döredijilikli zähmetini göz öňünde tutup, olary sylaglamak ýurdumyzda däbe öwrüldi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän bilim özgertmelerine aýratyn goşantlaryny goşup, ylymly-bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde çeken döredijilikli zähmetini, bilim işini pedagogik ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn ussatlyklaryny göz öňünde tutup, bilim işgärleriniň köpsanlysy aýratyn hormata mynasyp boldy. Olar Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, Ahal, Balkan, Mary, Lebap, Daşoguz welaýatlarynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň, “Gujurly” bilim merkeziniň bilim işgärleridir.
Bilim işgärlerini sylaglamak dabarasynyň dowamynda öňdebaryjy bilim işgärlerine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle hem, sylaglanyş dabarasy mynasybetli, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar döredijilik toparynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň kalbyna ýatdan çykmajak baýramçylyk pursatlaryny ýazdy.
“Bilim” ylmy-usuly žurnaly