Aşgabat – Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty: parahatçylygy we ynanyşmagy dünýä ýaýýan merkez
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň 9-njy ýanwarynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerine laýyklykda, 2025-nji ýylyň 14-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde “Tegelek stol” maslahatyny geçirdi.
“Tegelek stol” maslahatynda çykyş edenler uniwersitetiň professory, Hormatly il Ýaşulusy N. Suwhanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Hormatly il Ýaşulusy Amangeldi Orazow, uniwersitetiň uly mugallymy Maýagözel Kullaýewa dagylar Gahryman Arkadagymyzyň “Euronews” teleýaýlymyndaky interwýusy dogrusynda hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty barada täsirli söhbet etdiler. Gepleşigi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewa alyp bardy.
Sapargulyýewa Jemal,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy