Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik geçirildi


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006 belgili Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil nesli kemala getirmek, ýaşlary ylyma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 5-nji we 25-nji martynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik geçirildi.

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça geçirilen “Zehinli ýaş matematikler” atly bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçirildi. Onuň I tapgyryna,  ähli welaýatlar we Aşgabat, Arkadag şäherleri boýunça mekdep okuwçylary onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylara matematikadan hödürlenen ýumuşlar test görnüşinde orta mekdepleriň okuw maksatnamasynyň esasynda uniwersitetde döredilen guramaçylyk topary tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Bäsleşigiň I tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat, Arkadag şäherlerinden jemi 675 sany okuwçy gatnaşdy. Okuwçylaryň toplan ballarynyň jemi boýunça bäsleşigiň I tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi.

I tapgyryň netijesi boýunça 100 sany zehinli ýeňiji okuwçylar, 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bäsleşigiň II tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

II tapgyra gatnaşan okuwçylaryň ýerine ýetiren ýumuşlarynyň netijeleri emin agzalary tarapyndan seljerildi we barlanyldy. Eminler toparynyň çykaran netijesi esasynda ýeňiji diýlip yglan edilen okuwçylara uniwersitetiň rektorynyň adyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen mekdep okuwçylary uniwersitetiň fakultetleri, okuw binalary, tejribehanalary, muzeýleri we sport toplumy bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Gowy netijeleri görkezen okuwçylar mekdebi tamamlanlaryndan soň uniwersitetde öz okuwlaryny dowam etdirmeklige çagyryldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25