Nobatdaky üstünlik
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 17-21-nji marty aralygynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde küşt boýunça Açyk kategoriýada Gran-Pri ýaryşlar ulgamynyň Aşgabat tapgyry geçirildi. Küştüň “Standart” görnüşinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Şöhradowa Lala üstünlikli çykyş edip, II orna mynasyp boldy.
Ýeri gelende bellesek, Şöhradowa Läle şu ýylyň 23-nji fewraly 8-nji marty aralygynda Çernogoriýada geçirilen 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky yklym we dünýä çempionatlaryna ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş etdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetia