UMUMY ORTA BILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ RUS DILINDE OKADYLÝAN XII SYNPY ÜÇIN OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
Häzirki zaman jemgyýetinde ylmyň, tehnikanyň, tehnologiýalaryň çalt depginde özgerýän döwründe ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermek işini yzygiderli kämilleşdirmek wajyp wezipeleriň biri bolup durýär. Şu nukdaýnazardan, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kabul eden «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek,innowasion usullary okuw işine has-da giňden ornaşdyrmak boýunça aýratyn wezipeler öňde goýuldy.
Ýaňy-ýakynda umumy orta bilim berýän mekdepleriň rus dilinde okadylýan XII synpy üçin «Türkmen edebiýaty» okuw kitaby (awtorlary: J.Allakow, T.Sadykow, R.Mustakow, G.Atadurdyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) neşir edildi. Bu okuw kitabynda okuw maksatnamasyna laýyklykda öwrenilmäge degişli eserleriň aglabasy ХХ asyryň 20-nji ýyllaryndan – 90-njy ýyllaryna çenli döwürde döredilen eserlerdir. Okuw kitabynda ХХI asyrda – Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen we neşir edilen eserler barada hem gymmatly maglumatlar berilýär.
Çeper edebiýatyň baş wezipesi adamyň dünýä, durmuşa düşünmegine, ýagşyny-ýamany tapawutlandyryp bilmegine, edepli-terbiýeli bolmagyna, onda oňat häsiýetleriň kemala gelmegine ýardam etmekdir. Ynsana, tebigata, gözellige söýgi döretmekden ybaratdyr. Edebiýat okuwçylarda ahlaklylygy, ynsaplylygy, milli we dünýä gymmatlyklaryna söýgini terbiýeleýär, estetik endikleri kemala getirýär. Şol sebäpli arassa ahlakly, watansöýüji, halkyna guwanýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde çeper edebiýatyň ornunyň örän uludygyna bu okuw kitaby arkaly mese-mälim göz ýetirmek bolýar.
Dersiň okuw maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alyp, «Türkmen edebiýaty» okuw kitabynda berlen okuw maglumatlaryny öwretmek bilen, okuwçylar okalan eseriň haýsy görnüşe we žanra degişlidigini öwrenerler. Eseriň esasy temasyny we ideýasyny kesgitlemek bilen, onuň many-mazmunyny, ruhy taýdan gymmatlylygyna içgin düşünerler. Okalan eseriň gahrymanlarynyň we wakalaryň baglanyşygyny düşündirmegi, gahrymanlaryny häsiýetlendirmegi, çeper tekstden täsirli serişdeleriň hyzmatyny düşündirmegi, onuň aýratyn bir bölegini derňemegi hem-de bahalandyrmagy öwrenerler.
«Türkmen edebiýaty» okuw kitabynda dürli soraglaryň we döredijilikli ýumuşlaryň berilmegi bolsa özleşdirilýän bilimiň logiki taýdan has-da gowy düşünilmegine uly mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi