V SYNP ÜÇIN “ARAP DILI” OKUW KITABYNYŇ IKINJI NEŞIRI ÇAP EDILDI
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda beýleki derwaýys işler bilen bir hatarda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmägiň çäklerinde daşary ýurt dillerini öwretmäge bagyşlanan möhüm işler hem yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň V synpy üçin “Arap dili (II daşary ýurt dili)” okuw kitabynyň ikinji neşiri (awtory: B.Beghanowa) Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edildi. Tanyşlykdan başlanýan ilkinji sapak ünsi örän özüne çekiji. Arap elipbiýinde 28 harpdan ybarat bolup, olaryň özbaşdak ýazylyşy, berýän sesi, sözüň başynda, sözüň ortasynda, sözüň soňunda ýazylyşy jikme-jik görkezilipdir. Bu okuw kitaby okuw maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylyp, arap dilini öwrenmäge girişmekde iň ygtybarly serişde bolup hyzmat edýär.
Onda gysga çekimliler, uzyn çekimliler, tenwinler, şedda we sukun, arap harplarynyň gysga çekimliler bilen ýazylyşy, arap harplarynyň uzyn çekimliler bilen ýazylyşy, «ELIF (ä, e)», «BÄ (b)», «LAM (e)», «NUN (n)», «ÝÄ (ý)», «MIM (m)», «JIM (j)», «DÄL (d)», «HÄ (h)», «RA», «ḲAF (ḳ)», «WAW (w)», «SIN (s)», «ŞIN (ş)», «KÄF (k)», «TÄ (t)», «ṬA (ṭ)», «FÄ (f)», «ŞAD (ṣ)», «ḤA (ḥ)», «ḪA (ḫ)», «SÄ (s)», «ZÄL (z)», «ZÄ (z)», «ẢÝN (ấ)», «ĢAÝN (g)», «ẒA (ẓ)», «ḌAD (ḍ)» harplary degişli yzygiderlikde öwredilýär, olary öwrenmek üçin maglumatlar her sapakda göz öňünde tutulan materiallaryň çäginde öz beýanyny tapypdyr, gönükmeler we sözlük ýerleşdirilipdir. Okuw kitabynda özleşdirilýän temalaryň mazmuny bilen bagly ýerleşdirilen reňkli suratlar kitabyň bezeg işiniň gymmatyny artdyrýar.
Bu okuw kitaby okuwçylarda arap dilinde okamak, ýazmak, düşünmek we şahsy pikiriňi beýan etmek endiklerini usuly taýdan has-da ösdürmäge, halkara gatnaşyklary ulgamynda medeniýetleriň we däp-dessurlaryň özara baglanyşygyny öwrenmäge ýardam eder.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi