Türkmen wekiliýeti Ermenistanyň esasy bilim edaralaryna baryp gördi
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilen Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 10-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Ermenistanyň abraýly bilim edaralarynyň birnäçesine baryp gördi. Bu saparlaryň maksady innowasion bilim modellerini öwrenmekden, tejribe alyşmakdan we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Barlyp görlen bilim edaralarynyň resmi çeşmelerinden toplanan maglumatlar saparyň dowamynda geçirilen işler barada jikme-jik hasabat düzmäge mümkinçilik berdi.
«TUMO» Kreatiw tehnologiýalar merkezi: sapakdan daşary STEM-okuwyndan ugur almak
Iş saparynyň dowamynda ilki bilen "TUMO" Kreatiw tehnologiýalar merkezine (TUMO) barlyp görüldi. Bu merkez 12-18 ýaşyndaky ýetginjekler üçin mugt goşmaça bilim bermegiň innowasion nusgasyny ornaşdyrýandygy bilen meşhur. Merkez STEM ugry (ylym, tehnologiýalar, inženerçilik we matematika ugurlary) boýunça, şol sanda animasiýa, kompýuter oýunlaryny döretmek, web-programmirleme, robototehnika we täze media ýaly ugurlar boýunça okuwlary guramaga ýöriteleşýär. Okuw maksatnamasy özbaşdak bilim almak, ussatlyk sapaklary we barlaghana taslamalary ýaly ýörelgeleriniň esasynda guralyp, okuwçylara bilim almagyň ýoluny öz isleglerine görä kesgitlemäge şert döredýär.
Bar bolan maglumatlardan belli bolşy ýaly, dünýäniň dürli ýurtlarynda, şol sanda Ermenistanda, Fransiýada, Germaniýada we Şweýsariýada ýerleşýän "TUMO" merkezlerine 20 müňden gowrak ýetginjek gatnaýar. Merkez okuwlaryň 14 ugry boýunça iş alyp barýar, olaryň arasynda grafika, saz, fotosurat we 3D-modelirleme ýaly okuw ugurlarynyň bardygyny hem bellemek gerek. Bu bolsa ýaş nesilleriň sanly tehnologiýalar boýunça başarnyklaryny ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýetiň öňde goýýan wezipelerini çözmäge ýaşlary taýýarlamagyň aýratyn möhümdiginiň çäklerinde Azat Ataýewde bu tanyşdyryş aýratyn uly täsir galdyrdy. Bu ýerden alnan maglumatlar talyplaryň tehnologik sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak üçin şunuň ýaly maksatnamalary Türkmenistanyň şertlerinde uýgunlaşdyrmagyň mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi.
Hünär bilimini we okatmagy ösdürmegiň milli merkezi (NCVETD): dual bilimi we zähmet bazary
Iş saparyň dowamynda Hünär bilimini we okatmagy ösdürmegiň milli merkezine (NCVETD) (MKUZAK) barlyp görüldi. Bu merkez Ermenistanyň hünär bilimi ulgamyny özgertmek babatda möhüm orny eýeleýär. Merkez kär häsiýetnamalaryny işläp taýýarlamak, bilimiň hilini bahalandyrmak, bilim maksatnamalarynyň akkreditasiýasyny amala aşyrmak, hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar. Maslahatlaşmalarda dual bilimi, zähmet bazarynyň zerurlyklaryny çaklamak hem-de ykdysadyýetiň hususy bölegi bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly meseleler üns merkezinde boldy.
Dual bilim ulgamy hünär biliminde nazaryýet bilen amaly tejribäni özünde utgaşdyrýan nusga bolup, ol uçurymlaryň iş ýerlerinde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň netijeli guraly hasaplanýar. Bu merkez Ermenistanyň WorldSkills International guramasyna agza bolup, bu ulgam boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşyjylary taýýarlaýar. Mysal üçin, 2021-nji ýylda geçirilen «WorldSkills Armenia» bäsleşiginde 92 gatnaşyjydan 37-si jemleýji tapgyryna çykdy we olar zergärçilik, aşpezçilik hem-de web-tehnologiýalar ýaly ugurlarda bäsleşdiler. Bu bolsa bilimiň hakyky ykdysady zerurlyklary bilen utgaşdyrylmagyna merkeziň mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar. Türkmenistan üçin ykdysadyýetiň hususy bölegi bilen hyzmatdaşlyk alnyp barylýan şertlerde şeýle çemeleşme hünär bilim ulgamyny özgertmek üçin esas bolup hyzmat edip biler.
Ermeni milli inženerçilik barlaghanalary (ANEL): inženerçilik biliminde innowasiýalar
Ermenistanyň Milli politehniki uniwersitetiniň ýanyndaky öňdebaryjy tejribe merkezi bolan Ermeni milli inženerçilik barlaghanalarynyň (ANEL) (ANEL) işi bilen tanyşmak üçin ol ýere iş sapary amala aşyryldy. 2013-nji ýylda döredilen ANEL ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin ýokary derejeli inženerleri taýýarlaýan 30 sany döwrebap okuw we ylmy-gözleg barlaghanalaryny öz içine alýar. Merkeziň esasy wezipesi –inženerçilik senagatynyň ýokary derejeli, goşmaça gymmaty ýokarlandyrmaga we ýokary tehnologiýaly ermeni kompaniýalaryň innowasionlyk derejesini ýokarlandyrmaga ukyply hünärmenlere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmakdan ybarat.
ANEL-de geçirilen iş duşuşyklarynyň çäklerinde esasan inžener biliminde tejribe alyşmak, ylmy barlaglar we innowasion taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk etmek meselelerine garaldy. Bu ýerdäki barlaghanalar häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, takyk ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, merkezde 50-den gowrak ugur boýunça okuw sapaklary geçirilýär we halkara derejede (mysal üçin, CLAD, CLD, CLA) sertifikatlaşdyrma işleri alnyp barylýar. Bu iş sapary Türkmenistanyň bilim edaralaryna Ermenistanyň degişli institutlary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ýokary tehnologiýalar boýunça bilelikdäki taslamalary ilerletmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Netijeler we geljekki hyzmatdaşlyk
Iş saparlaryň dowamynda ylym we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri bilen geçirilen duşuşyklarynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça peýdaly maslahatlaşmalar bolup geçdi. Talyplaryň alyş-çalyşy, bilelikdäki ylmy-barlag taslamalary, bilim bermek we okuw işini guramak babatda iň gowy tejribeleri işe uýgunlaşdyryp ornaşdyrmak hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde bellenip geçildi. Iş sapary, aýry-aýry abraýly bilim edaralarynda geçirilen duşuşyklar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygyna, onuň çäklerinde bilim ulgamlaryny özara bähbitli ugur boýunça ösdürmegiň aýratyn üns merkezinde durýandygyna şaýatlyk edýar.