Energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygy



Mart aýynyň ikinji ýarymynda, Türkmenistanyň Döwlet energetika Institutynyň mugallymy Gülşat Gurbandurdyýewa Delide şäherinde (Hindistan) NTPC-Milli Ýylylyk Energetika Korporasiýasynyň Biznes Mekdebinde geçirilen mugallymlaryň we hünärmenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek üçin gurnalan okuw maslahatyna gatnaşdy.

NTPC (Milli Ýylylyk Energetika korporasiýasy) Hindistanda elektrik energiýasyny öndürmek bilen meşgullanýan iň uly döwlet kompaniýasydyr. NTPC 1975-nji ýylda esaslandyrylyp, ýurtda öňdebaryjy elektrik öndürijileriniň biridir. Köp sanly ýylylyk elektrik stansiýalaryny dolandyrmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan: gün we ýel energiýasy ýaly taslamalaryny işjeň alyp barýar.

Hindistan Respublikasynyň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen “Cross Border Energy Trading–Iteration II” atly okuw maslahaty, ýurtlaryň we sebitleriň arasynda elektrik energiýasyny geçirmek we paýlamak bilen baglanyşykly kynçylyklara we mümkinçiliklere bagyşlandy. Bu bolsa, energiýa çeşmelerine bolan islegiň we bar bolan energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem halkara derejesinde energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygyny nazara almak bilen möhüm temalaryň biridir.

1964-nji ýylda işe girizilen Hindistanyň Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasy öňdebaryjy halkara bilim başlangyçlarynyň biridir. Maksatnama halkara adam resurslarynyň potensialyny döretmäge we hyzmatdaş ýurtlaryň hünärmenleri üçin hünär derejelerini kämilleşdirmäge gönükdirilen köp sanly çäreleri öz içine alýar. Hindi Tehniki we Ykdysady Hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasy diňe bir halkara gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam etmän, eýsem gatnaşyjylaryň bilimine, hünär derejesini ýokarlandyrmagyna we ösmegine hem möhüm täsir edýär. Maksatnama gatnaşyjylara çalt üýtgeýän global kynçylyklaryň çäginde aýratyn orny eýeleýän energika pudagynda gymmatly tejribe toplamaga mümkinçilik berýär.

10 ýurtdan gelen 19 wekili, ýagny energetika pudagynyň hünärmenlerini we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny bir ýere jemlän bu okuw maslahaty, ýurtlar ýa-da sebitler arasynda elektrik energiýasynyň söwdasynyň meýilnamalaşdyrylyşyny, işläp düzmegi we durmuşa geçirmegi, şol sanda serhetaşa elektrik söwdasynda ulanylýan bazar gurluşyny we söwda mehanizmleri, elektrik energiýasynyň alyş-çalyşlaryny, tematiki gözlegleri we serhetüsti elektrik söwdasynyň mümkinçiliklerini hem-de kynçylyklaryny görkezýär. Umuman, serhetaşa elektrik söwdasy boýunça okuw maslahaty gatnaşyjylara meýilnamalaşdyrmagyň we serhetaşa elektrik söwdasyny üstünlikli alyp barmagyň tehniki we kadalaşdyryjy taraplary barada giňişleýin düşünje berdi.

Maksatnamanyň çäginde ITEC hyzmatdaş ýurtlaryň mugallymlary we hünärmenleri ýurduň iň abraýly uniwersitetlerinden biri bolan NTPC Biznes mekdebinde geçirilen halkara seminara gatnaşdy. Okuw maslahatynyň bir Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy Türkmenistanda serhetaşa elektrik energiýasynyň söwdanyň ösüşi barada hasabat bilen çykyş etdi. Okuw maslahatynyň ahyrynda Gülşat Gurbandurdýewa NTPC Biznes mekdebiniň rektoryndan ýatdan çykmajak sowgat we şahadatnama berildi.

ITEC-iň çäginde gurnalan bu okuw maslahaty, hyzmatdaş ýurtlaryň hünärmenlerine tejribe alyşmaga, iň täze tehnologiýalary we çemeleşmeleri özleşdirmäge, şeýle hem hünär ugurlarynda gözýetimlerini giňeltmäge mümkinçilik berýän hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Bu diňe bir gatnaşyjylaryň şahsy we iş tejribesiniň ösmegine goşant goşmak bilen çäklenmän, energiýa, ykdysadyýet we tehnologiýa ýaly möhüm ugurlardaky ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge hem kömek edýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika Instituty

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25