“Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzda birnäçe döwlet ähmiýetli, halk ähmiýetli  möhüm çäreler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almaklary ugrunda we nazary bilimlerini has-da aýdyňlaşdyrmakda eziz  ýurdumyzda birnäçe möhüm çärelere badalga berilýär.  

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzda has dogrysy 2025-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we bagtyýar talyp ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagy netijesinde “Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly!” atly teatrlaşdyrylan wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede uniwersitetimiziň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Bekgi Arslanow, Geologiýa fakultetiniň mugallymy Geldimyrat Meredow şeýle-de uniwersitetiň talyplary Ýalkapgeldi Gurbangeldiýew we Mämmet Toýryýew Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyndan taýýarlanan çykyşlary etmek bilen, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde alnyp barylýan döwletli işleriň, halkara derejesinde ýetilýän şanly sepgitleriň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baý many-mazmunly ylmy-filosofiki eserleriniň ähmiýeti we onuň gymmatlyklary barada yzygiderli  çykyş etdiler.

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen wagyz-nesihat çäre Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň giň dünýägaraýyşly, kämil hukuk medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda amala aşyrýan işleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nyşanydyr.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25