«Zehinli ýaş matematikler» bäsleşigine Türkmenistanyň orta mekdeplerinden 675 okuwçy gatnaşdy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça «Zehinli ýaş matematikler» atly bäsleşik geçirildi.
«Sanly bilim» portalynda habar berlişi ýaly, bäsleşik şahsy bäsleşik görnüşinde iki tapgyrda geçirildi.
5-nji martda onlaýn görnüşde geçirilen birinji tapgyra ýurduň ähli sebitlerinden 675 mekdep okuwçysy gatnaşdy. Birinji tapgyryň ýeňijileri gatnaşyjylaryň gazanan ballarynyň umumy sany bilen kesgitlenildi.
Birinji tapgyryň netijeleri boýunça 25 zehinli mekdep okuwçysy 25-nji martda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde şahsy bäsleşik görnüşinde bäsleşigiň ikinji tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazandy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijilere uniwersitetiň rektorynyň adyndan I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.
Ýurdumyzyň dürli künjeginden gelip, jemleýji tapgyra gatnaşan mekdep okuwçylary uniwersitetiň fakultetleri, okuw binalary, barlaghanalary, muzeýleri we sport toplumy bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Gowy netijeleri görkezen okuwçylar mekdebi tamamlanlaryndan soň uniwersitetde öz okuwlaryny dowam etdirmeklige çagyryldy.