Dünýäde Ekologik Abadançylygyny Gorap Saklamak
Söz mülküniň hökmürowany, şygyrýet äleminiň ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň “Ykballynyň ugran işi oň görner” diýip jaýdar belleýşi ýaly, beýik şahsyýetlere mahsus çuň danalyk duýgusyny özünde jemleýän türkmen halkynyň ýurt baştutany Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap amala aşyran beýik işleriniň netijesinde, bagtyýar türkmen halkymyzy röwşen geljege sary alyp gitmek üçin yzygiderli tagallalar edýänligini biz her ädimde duýýarys.
Il arasynda “Haýsy ýurtda asudalyk, parahatlyk, agzybirlik bar bolsa, şol ýurt toý-baýramlara, taryhy wakalara baýdyr” diýen ajaýyp aýtgy bar. Şeýle sözlerden ruhlanýan bagtyýar türkmen halkymyzyň her bir güni, her bir pursady taryhy wakalara, şatlykly senelere beslenýär. 2025-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda “Parahatçylyk we Ynanyşmaklyk Dünýäde Ekologik Abadançylygy Gorap Saklamagyň Ygtybarly Binýadydyr” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden professor-mugallymlar özleriniň alyp barýan ylmy işleri dogrusynda onlaýn ekrana birikmek arkaly çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde bu çykyşlary ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyp ýaşlar ylmy konferensiýa arkaly synladylar. Ylmy-amaly maslahat, tebigatyň baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik ugurly ykdysadyýeti, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegiň döwrebap nusgasyny döretmek barasynda birnäçe temalaryň üstünde durlup geçildi. Ylmy amaly maslahat birnäçe bölümçelerde özüniň işini üstünlikli dowam etdirdi.
Bölümçelerde ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary şeýle-de öňdebaryjy talyp ýaşlary tebigatymyzy aýawly saklamak ugrunda alyp barýan ylmy işleri dogrusynda çykyş etdiler.
Goý ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadygymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!