EKOLOGIK BILIM: RUMYNIÝADA GURALAN OKUWLAR


Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar 2025-nji ýylyň 22-28-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Sibiu şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy. Sibiu şäherindäki Luçian Blaga adyndaky uniwersiteti (Universitatea «Lucian Blaga» din Sibiu) bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi hökmünde saýlanyldy.

Ýatladyp geçsek, 2021–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän ESGCA taslamasynyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ekologiýa we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam etmekden ybarat bolup, sebitde ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga uly täsir edýär. Taslamanyň esasy wezipesi ekologik meselelerini durmuş zerurlyklary we netijeli dolandyrylyş ýörelgeleri bilen özara baglanyşdyrmakdan ybaratdyr. Bu taslama gatnaşýan hyzmatdaşlar Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. Taslama başlangyjynyň maksady – ekologiýa meselelerini bilim maksatnamalaryna we iş bilen üpjünçilik ulgamyna ornaşdyrmak arkaly Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmek. Taslama sebitiň ekologiýa meseleleriniň çözgüdi üçin täsirli çemeleşmeleri döretmäge we durmuşa geçirmäge, olary jemgyýetiň zerurlyklary hem-de bilim we zähmet başarnyklarynyň ösdürilmegi bilen utgaşdyrmaga gönükdirilendir.

Saparyň çäklerinde ESGCA we durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen umumy sapaklary, seminarlary, pikir alyşmalary hem-de amaly sapaklary öz içine alýan tasirli maksatnama guraldy.

Okuw sapaklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň innowasion çemeleşmeleri hem-de ekologiýa we dolandyryş ugurlarynda häzirkizaman dünýä tendensiýalary bilen tanyşdylar. Mugallymlar ekologiýa, sosial dolandyryş we durnukly ösüş ugurlarynda kämil hünärmenleri taýýarlamakda zerur bolan amaly başarnyklar bilen nazaryýet bilimleriniň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ekologiýany jemgyýetçilik we ykdysady ugurlar bilen utgaşdyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün edip biljek okuw maksatnamalary işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi. Okuwlara gatnaşyjylar özara tejribe alyşdylar, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak we beýleki ýurtlarda üstünlikli durmuşa geçirilen maksatnamalaryň amaly mysallary bilen tanyşdylar.

Halkara hyzmatdaşlyk taslamanyň esasy ugurlarynyň biridir. Erasmus+ maksatnamasy tejribe alyşmak we Ýewropanyň uniwersitetleri hem-de bilim edaralary bilen özara halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak,  üçin ajaýyp platforma bolup durýar. Şeýle alyş-çalyş gatnaşyjylaryň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, bilim we ylym ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşýar. Rumyniýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinden gelen hünärmenler öz bilimlerini, amaly tejribelerini hem-de öňden bar bolan başlangyçlaryň netijelerini paýlaşdylar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir gaynaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara gatnaşyklary berkitmäge, geljekde bilim we ylmy gözlegler boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy üçin esas döretmäge mümkinçilik berýär. Türgenleşikler tamamlanandan soň, mugallymlar alnan bilimleri we maslahatlary göz öňünde tutup, ekologiýa we jemgyýetçilik meseleleri boýunça magistr okuw maksatnamasyny taýýarlamak işine gaýdyp gelerler. Taslamanyň çäklerinde döredilýän täze magistr okuw maksatnamasynyň nazary taýýarlygy amaly başarnyklar bilen utgaşdyrmagyna garaşylýar. Bu bolsa uçurymlara ekologiýa we jemgyýetçilik meseleleri, şeýle hem tebigy serişdeleri dolandyrmak ulgamlarynda netijeli zähmet çekmäge mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde geljekde duşuşyklaryň we täze okuw türgenleşikleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu yzygiderli tejribe alyşmaga we iň täze bilim usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berer. Şeýle hem bu başlangyç Merkezi Aziýa sebitindäki talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri açyp, sebitde durnukly ösüşi berkitmäge ýardam eder. 

Saparyň çäklerinde, gatnaşyjylar üçin Rumyniýanyň Sibiu şäherinde ýerleşýän “Continental” awtoulaglaryň ätiýaçlyk şaýlaryny taýýarlaýan önümçilik kärhanasyna gezelenç guraldy. “Continental AG” halkara konserniniň bir bölegi bolup durýan bu awtoulag infrastrukturasynyň tehnologiýalaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biridir. Bu önümçilik kärhanasy “ýaşyl önümçilik” düşünjesini işjeň durmuşa geçirip, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak strategiýalary bilen tanyşdylar. Bu maglumatlar ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanýan bilim edaralary üçin uly ähmiýete eýedir.

ESGCA taslamasy öz işini dowam etdirýär we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilimiň ösmegine ýardam edýär. Taslama geljekki nesli dünýäniň ekologik we jemgyýetçilik meselelerini çözmäge taýýar kämil hünärmenler bilen üpjün etmäge öz oňaýly täsirini ýetirer. Bu sapar häzirki wagtda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin dünýä ýüzüniň öňünde duran wajyp ekologiýa we durmuş zerurlyklary bilen bagly wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde ähmiýetli bolan, berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagynda möhüm ädimleriň biri boldy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25