«Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri» atly duşuşyk geçirildi
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda jemgyýetçilik işgäri, pedagog, Türkmenistanyň Ýaşlar Guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň geňeşçi agzasy Merdan Ataýewiň myhman bolmagynda «Hünär bizi saýlaýarmy ýa-da biz hünäri, ýaşlary nädip hünäre höweslendirmeli» atly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşykda myhman ýaşlary öz hünärine nähili höweslendirmelidigini onuň usullardyr - görnüşlerini, hem-de iş üpjünçiligi barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň dowamynda myhman Merdan Ataýew öz zähmet ýoly, dürli wezipelerde işlän ýerleri, hem-de ýaşlar bilen döreden gurnaklary, olar bilen iş salyşmak barada hem öz çykyşyny talyp ýaşlara görkezdi.
Duşuşygyň soňunda bolsa, Merdan Ataýew özüniň gurnaklarynyň şonuň guramaçylygynda geçirilen birnäçe bäsleşikdir – çärelerini wideo we fotosuratlar arkaly görkezip düşündirdi.
Duşuşyk jemlenenden soň, talyplar myhman bilen ýadygärlik surata düşdiler we çykyşy üçin köp sag bolsun aýtdylar.