ORTA MEKDEPLERIŇ VI SYNPY ÜÇIN “DURMUŞ ZÄHMETI” OKUW KITABYNYŇ IKINJI NEŞIRI ÇAP EDILDI
Maşgala, çaga, mekdep, jemgyýet. Bu düşünjeler häli-şindi eşidilýän düşünjeler. Çagalara berilýän üns, olaryň edebi, terbiýesi, bilimi nähili derejede kämil bolsa, şol hem biziň geljegimiziň aýdyň aýnasy, görkezijisi bolup hyzmat edýär. Gyz perzentleriň eliniň çeper, sypaýy, hoşsözli, mylakatly, ulyny hormatlap, kiçini sylamagy ýaly gyz-gelinlere mahsus häsiýetleri – ahlak gözelligini özünde jemlemegi bilen bir hatarda hojalygy, maşgalany bezemegi-de aýratyn orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, şeýle hem şol başlangyçlary döwlet derejesinde ileri tutulýan ugurlarda amala aşyrmaga alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly işler durmuşa geçirilýär. Durmuşda zähmet çekmek ýaşaýşyň esasyny düzýän aýratynlyk. “Çekseň zähmet – ýagar rähnet” diýlip, ýöne ýere eýdylan däldir. Çeşmesi şeýle jümlelere esaslanýan zähmetiň dünýäde dabaralanýandygyna göz ýetirmek bolýar.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň VI synpy üçin “Durmuş zähmeti” okuw kitabynyň (awtorlary: M.Nepesowa, O.Saparowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy) ikinji neşiri çap edildi. Okuw kitaby gyzlar üçin niýetlenilip, oňa millilik doly çaýylandyr. Okuw kitabynda aşhana işlerine, biçim-tikin işlerine, önümi biçmek we tikmek işlerine, örüm işlerine aýratyn orun berilýär. Her bir işi ýerine ýetirmegiň ýollary, düzgünleri, usullary, görnüşleri barada maglumatlar ýerleşdirilip, sapagyň ahyrynda soraglar we ýumuş berilýär. Netijede, myhmany kabul etmegiň, garşylamagyň, saçagy bezemegiň özboluşly tilsimlerini, öý-hojalyk işlerini öwretmek üçin ýeterlik maglumatlary almak mümkin.