ENERGETIKA ULGAMYNDA ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň we Rumyniýanyň wekilleri tarapyndan 2009-njy ýylyň 22-nji iýulynda Aşgabatda gol çekilen deklarasiýa laýyklykda, türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyna esasy orun berilýär. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk, esasan hem, energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa ýollary bilen eksport etmek we olaryň transport ýollary, nebit we gaz öndürmek we daşamak, gaýradan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegine esaslanýar.
2025-nji ýylyň 31-nji martynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi.
Uniwersitetiň rektory ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, fakultetleri we kafedralary, alnyp barylýan okuw taýýarlyk ugurlary, ylmy-barlag we taslama işleri, ýetilen sepgitler, şeýle hem daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri esasan hem, Rumyniýanyň Ploýeşti nebitgaz uniwersiteti hem-de kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada myhmanlary tanyşdyrdy we uniwersitet barada gysgaça wideorolok görkezildi.
Soňra rumyn wekilýetiniň ýolbaşçysy Pawel-Kasian Nituleskua söz berildi. Ol ilki bilen wekilýetiň agzalary bilen tanyşdyrdy we wekilýetiň Türkmenistana iş saparynyň maksatlary barada maglumat berdi hem-de Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem kompaniýalarynyň ugurdaş ugurlarda bilelikde iş alyp barmaklyga isleg bildirýändikleri barada gürrüň berdi. Rumyniýanyň “CHIMCOMPLEХ” kompaniýasynyň wekili bilen Türkmenistanda himiýa we gazhimiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlar boýunça önümçilik bilen bagly teklipler taýýarlanyldy.
Duşuşykdan soňra Rumyniýanyň wekilýeti uniwersitetiň tejribehanalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, geologiýa muzeýi bilen tanyşdyryldy.
2025-nji ýylyň 01-nji aprelinde uniwersitetiň rektory Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygynda geçirilen türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine gatnaşdy.