Mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim özgertmeleriniň möhüm talaplary hökmünde ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde okuw derslerini ýokary derejede öwretmek, okuwçylaryň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, olaryň ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklary üçin höweslendirmek hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda dürli bäsleşikler geçirilýär, ýaşlaryň halkara ders bäsleşiklerine gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. 
Mekdep okuwçylarynyň arasynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryny ýokary derejede geçirilmek boýunça guramaçylyk işleri alnyp baryldy. 2025-nji ýylyň 12-13-nji martynda 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyry Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde astronomiýa, geografiýa (jemi 102 okuwçy gatnaşdy), Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde himiýa, fizika, biologiýa (276), Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda matematika, informatika (184), Türkmen oba hojalyk institutynda taryh (53), Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda rus dili (92), Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýat (51), Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili (53) okuw derslerinden geçirildi. Bäsleşigiň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäher hem-de welaýat tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar, şeýle-de 2023-2024-nji okuw ýylynda bäsleşigiň döwlet tapgyrynda 1-nji, 2-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanan 811 okuwçy gatnaşdy.
Ders bäsleşiklerine gatnaşan okuwçylary ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybarat eminler toparlary adalatly bahalandyrdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça jemi 11 sany ders boýunça 34 okuwçy I orna, 68 okuwçy II orna, 134 okuwçy III orna mynasyp boldular. 
Şu gün  Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde bäsleşigiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylary, şeýle hem robot tehnikasy boýunça bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gymmat bahaly sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy ýokary derejede geçirildi.
Bäsleşiklerde ýeňiji bolan mekdep okuwçylary özleri üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. 
Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 5-nji martyndaky 71 belgili buýrugyna laýyklykda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde himiýa, biologiýa, fizika, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde astronomiýa, geografiýa, Türkmen oba hojalyk institutynda taryh, Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde türkmen dili we edebiýat, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda matematika, informatika, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda rus dili, Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebinde iňlis dili okuw dersleri boýunça bäsleşikleriň döwlet tapgyry geçirildi. 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen "Altyn asyryň altyn zehinleri" atly bäsleşikleriň çäginde 2025-nji ýylyň 11-14-nji martynda 11-12-ni synp okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyryna Aşgabat, Arkadag şäherinden we welalaýtlardan jemi 811 okuwçy gatnaşdy. Mekdep okuwçylarynyň arasynda okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünnamasyna laýyklykda jemi 236 okuwçy I,II,III orunlara mynasyp boldular. Geçen ýyllardakydan tapawutlylykda bu ýyl ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn görnüşinde däl-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde geçirildi. Ýokary we okuw mekdeplerinde ders bäsleşikleriniň geçirilmegi oňyn netije berdi. Ders bäsleşiklerine gatnaşan okuwçylar bilen ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünäre ugrukdyryş işleri geçirildi. I orun-34 sany II orun-68 sany III orun-134 sany.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.

Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25