Ýokary guramaçylykly geçen çäre


2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde däbe öwrülen ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek bilen bagly çäre geçirildi. Oňa ýurdumyzyň minsitrlikleri we pudaklaýyn-dolandyryş edaralary gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykly geçen çärä jemi ýurdumyzyň öňdebaryjy edara-kärhanalarynyň, ministrlikleriniň 30-a golaýy gatnaşdylar. Olaryň arasynda dürli ugurlardaky pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň bolmagy ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça bilim alýandygyndan habar berýär. Öz saýlap alan hünärlerine höwesjeň, ata Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ýaşlar edara-kärhanalaryň wekilleri bilen söhbetdeş boldular, şeýle-de, geljekde öz saýlan hünärleri boýunça boş iş orunlaryna isleg bildirdiler. Ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny nazarda tutyp her edara-kärhana özleri üçin gerek ýaşlary işe çagyrdylar. Geljekki ýaş hünärmenleriň söhbetdeşliginde özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada buýsançly sözler has aýdyň duýuldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň abraý-mertebesini has-da beýgeltjek, ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak ýaşlaryň köplügi ýokary okuw mekdebine gelen ministrlikleriň we pudaklaýyn-dolandyryş edaralarynyň agzalaryny begendirdi. Şeýle-de, ýaş, işine höwesjeň hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmekde ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25