Hytaýyň “Alibaba” topary iňlis we hytaý dilerinde hyzmat etjek täze modeli döretdiler


Hytaýyň elektron söwda we tehnologiýa boýunça iş alyp barýan “Alibaba” topary özüniň täze ösüşini “Tongyi Qianwen” AI (emeli aň) modelini hödürledi. ChatGPT-e meňzeş söhbetdeşlikde iňlis we hytaý dillerinde işläp biler şeýle-de söhbet programmasyndan akylly gürleýjilere çenli dürli kompaniýa önümlerine ýaýradylar.
Hytaý we iňlis dilleri bilen Tongyi Qianwen ilki bilen Alibabanyň sanly hyzmatdaşlygy we amaly ösüş platformasy bolan DingTalk-a birleşdiriler. Mundan başga-da, AI mümkinçilikleri kompaniýanyň “Internet of Things” (IoT) bilen işleýän akylly öý enjamy “Tmall Genie”-de ulanylar.
Bu hyzmat häzirki wagtda Hytaýdaky Tongyi Qianwen korporatiw müşderileri üçin beta synag üçin elýeterlidir. "Alibaba Group" -yň baş direktory, AI-iň ýakyn wagtda kompaniýanyň ähli önümlerinde durmuşa geçiriljekdigini aýtdy:
-Alibaba önümleriniň hemmesi uly modelimize goşular we hemmetaraplaýyn täzelener. Munuň özi Alibaba hyzmatlarynyň hemmesini täze derejä çykarar we ozal göz öňüne getirip bolmajak zatlary mümkin eder diýip umyt edýäris.
Kompaniýanyň wekilleriniň ozalky aýdanlaryndan, hyzmat mümkinçilikler nukdaýnazaryndan ChatGPT-den yza galsa-da, şeýle netijä gelip bileris: model entek surat tanamak we tekste şekil öwürmek boýunça tälim bermedi. Täze hyzmatyň işe girizilmegi dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň hyzmatlar ýaryşyny dowam etdirýär: öň Google we Baidu Microsoft-dan ilkinji ChatGPT hyzmatynyň analoglaryny hödürläpdiler.
Aýjeren ORAZMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 
edebiýaty fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25