Daşary ýurt dillerini aňsat we gyzykly öwrenmegiň ýollary


Daşary ýurt dillerini öwrenýän mekdep okuwçylary, talyplar we dil öwrenmäge höwesli adamlar yzygiderli dil sapaklaryna gatnaýarlar. Ýöne daşary ýurt dillerini diňe sapakda öwrenmek we özleşdirmek daşary ýurt dillerini oňat bilmek üçin ýeterlikmi?
Dil öwrenilende diňe sapaklary okamak kämil derejede dil bilmek üçin ýeterlik däldir. Sapakdan daşgary hem dil öwrenýän adam öz-özüni kämilleşdirmelidir.Ýöne muny haýsy usullar bilen etmeli?
Geliň onda bu usullar bilen tanyşalyň.
1. Düşünmek. Düşünmek bu dil öwrenenimizde biziň üçin ilkinji gerek zadlaryň biridir. Sebäbi biz her söze düşünenimizde biziň ýadymyzda ol sözler aňsatlyk bilen galýar.
2. Okamak. Okamak bu dil öwrenenimizde ilkinji bilen şol diliň esasy ulanylýan sözleri bilen tanyşdyrýar we ol sözleri çalt ýat tutmagymyza, manysyny öwrenmäge ugrukdyrýar.Daşary ýurt dillerindäki kitaplary,žurnallary, gazetleri, makalalary okanymyzda biziň dilimiz şol dile has ýakynlaşýar.Dili öwrenmäge täze başlan birine hekaýa kitaplaryny okamak maslahat berilýär. Kitap okanymyzda her sahypadaky bilmeýän sözlerimizi kiçijik bölek bir kagyza belläp şol sahypanyň bir ýerine ýelmäp goýup,kitaby okap bolup, ikilenç şol sahypa dolananyňyzda şol sözleri öwreneniňizi görersiňiz.
3. Diňlemek. Diňlemek- daşary ýurt dillerini öwrenenimizde iň zerur zatlaryň biridir. Haçan-da biz diňlänimizde öwrenilýän diliň aýdylyşyny, söz basymlaryny we şiwelerini dogrulyk bilen öwrenýäris. Dil öwrenmäge täze başlanlar üçin kitap satyn alanlarynda kitabyň okalyşynyň mp3 görnüşinde bolmagy hem okyja dil öwrenmäge kömek berýär.
4. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek. Daşary ýurt dilinde kinolary görmek hem öwrenijä uly kömek berýär. Haçan-da öwreniji daşary ýurt dilinde kinolary görende, öwrenýän dilini gyzykly ýoldan öwrenýär we wagtyny gowy geçirýär.
5. Ýazmak. Ýazmak- bu daşary ýurt dilinde has-da kämilleşmegimizi artdyrýar. Biz ýazanymyzda şol diliň grammatikasyny we sözleriň dogry ýazylyşyna has-da üns berýäris.
6. Gürlemek. Gürlemek, islendik bir dili öwrenenimizde hem bize şol dili öwrenmäge uly kömek berýär. Sebäbi dil durmuşymyzyň ähli ýerlerinde bar. Biz öz düşünjelerimizi aýtmak üçin dil serişdesini ulanýarys. Biz öwrenýän dilimizdäki sözleýşimizi ösdürmek üçin sapakdan daşgary hem şol dilde gürlemelidiris. Dostlarymyz ýa-da mugallymlarymyz bilen şol dilde gürleşip durmalydyrys. Eger-de mümkin bolsa öwrenýän dilimizde “Sözleýiş klublaryny” gurnamalydyrys. Bu biziň sözleýşimiziň ösmegine uly kömek berer.
7. Testleri işlemek. Öwrenýän dilimizde testleri işlemek bize kömek berer. Ýöne bu bize nähili ýagdaýda kömek berer? Eger-de biz şol dil barada özümizde az maglumatlar bilen hiç zat öwrenmän testleri işlesek, olar bize hiç hili kömek berip bilmez. Öwrenýän dilimiziň grammatikasyny, fonetikasyny,sözlerini öwrenip işlän testlerimiz bize gowy netije berer. Bu näme üçin beýle? Munuň sebäbi biz täze maglumatlar öwrenip şol maglumatlary berkitmek üçin testleri işlänimizde netijeleri has gowy görýäris.
8. Sözlükler. Daşary ýurt dilindäki sözlükleri ulananymyzda hem biz ünsli bolmalydyrys. Sebäbi daşary ýurt dillerinde bir söz birnäçe manyly söz hem bolup bilýär. Bir sözi öwrendim diýmek üçin ilkinji bilen onuň manysyny, synonymini, garşydaş sözüni we nirelerde ulanyp bilýändigimizi bilmeli. Sözlükler dil öwrenenenizde bize iň gowy kömekçidir. Sebäbi sözlüklerde şol sözüň haýsy söz düzümine degişlidigini,manysyny, aýdylyşyny, ýazylyşyny öwrenip bilýäris. 
Siz şu usullary dil öwreneniňizde berjaý etseňiz aňsat we gyzykly ýoldan öwrenersiňiz. Dil öwreneniňizde başlangyçda bu size birazajyk kyn görnüp biler. Ýöne hiç-haçan ruhdan düşmäň! Dünýä dillerini öwrenmek size durmuşyňyzda, ylymlar äleminde uly gapylar açýar, köp mümkinçilikleri öňüňize hödürleýär.
Jeren GARAHANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 
edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25