Pyragynyñ goşgularynda halypa-şägirtlik ýoly
Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmen durmuşynyň köp taraplary giňden suratlandyrylýar. Dana Pyragy we onuň şygyrlary hakynda söhbet edilende: “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok” diýýärler. Bu sözler ýöne ýere aýdylan bir söz bolman, hakykat bolup janlanýar. Magtymguly Pyragy öz ýaşan döwrüniň sesine ses goşup, ähli meselelere ýüzlenýär. Onuň şygyrlary diňe bir öz ýaşan zamanasynda meşhur bolman, eýsem häzirki günde hem dillerimizde sena bolup ýaňlanýar. Pyragyny dünýä döwletleriniň hersi öz şahyry hasaplaýar. Munuň sebäbi hem onuň şygyrlarynyň ähli halka mahsus, dünýä jemgyýetçiliginde giňden orun alanlygynda bolsa gerek.
Halypa –şägirtlik ýörelgesi Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar. Şu ýerde bir zady bellesem, Magtymguly halypa-şägirtlik temasyna ýüzlense hem şygyrlarynda “halypa” sözüni ulanmaýar. Ol “halypa” sözüne derek “kämil, ussat, är”ýaly sözleri ulanypdyr.
Tälim beren ussadyňdan aýrylma.
Dana atamyz Magtymguly Pyragy göwher-düre ýugrulan ajaýyp şygyrlarynda: “Kämil tapsaň kyl gullugyn serişde” –diýen setirlere duş gelmek bolýar. Bu goşgy setirindäki “kämil” sözi halypa, tälim beren mollasy hökmünde getirilipdir. Şeýlelikde, ýagny manydaş sözleri ulanmak bilen Pyragy türkmen halkynyň çeper, şirin diliniň sözlüklere baýdygyny ýene bir gezek subut edýär. Ynsan kalbyny şygyrlary bilen ýagtyldýan, diňe bir ýaşlary däl, tutuş adamzady ýagşylyga, haýyr işlere çagyrýan türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilmegi onuň ýaşan zamanasyndan tä şu güne çen bu ýoluň dowam edip gelýändigini, has dogrusy, Magtymguly Pyragynyň özünden ökräki ussatlaryna sarpa goýuşy aýdyň duýulýar. Ýeri gelende bellesek, akyldar öz halypalarynyň atlaryny hem öz goşy setirlerinde agzap geçýär. Ýagny, şolara meňzemek, halypalarynyň yzyndan ýetmek höwesinde bolup ýazan şygyrlary hem onuň halypa, ussatlara bagyşlan temasynyň üstüni ýetirýär:
Abu Sagyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz, Permany,
Jellaleddin Rumy, Jamy, Elnamy...
Olaryň ýanynda menem san bolsam.
Istär men “Şanama”, “Sakynamany”...
Mälik Omar bilen Süleýman bolsam.
Şageldiýewa Ogulnabat,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we
edebiýaty fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.