Magtymguly halkyň şahyry
Magtymguly atamyz Hakyň şahyry, halkyň şahyry. Akyldar dünýä inende onuň adynyň Magtymguly bolmagynda hem şu hakykat ýatyr. Magtymgulynyň atasy Döwletmämmet Azady magtym tiresinden Selim magtym diýen bir adam bilen kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Ol wagtal-wagtal Döwletmämmet Azadynyň öýüne gelip, birküç gün myhman bolar ekeni. Magtymguly Pyragy eneden bolanda, Selim magtym Azadylarda myhmançylykda ekeni. Döwletmämmet ýaňy bolan çagany Selim magtymyň öňüne berip:
-Şu çaga seniň guluň bolsun diýipdir.
Onda Selim magtym:
-Goý, bu çaga halkyň guly bolsun diýip aýdypdyr.
Şondan soň ol çaganyň ady kem-kemden Magtymguly bolup gidipdir. Magtymguly özüniň bir goşgusynda atasy Döwletmämmet Azadynyň Selim magtym atly doganynyň bolandygyny ýatlap geçýär:
Pyragy diýr görseň jahyl wagtymyň,
Säbilik saýasy gara bagtymyň,
Atamyň dogany Selim Magtymyň,
Goýsalar geçerin ýany bilen ýany biläni.
Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgylarynyň dürli dillere terjime edilip, halk köpçüligi, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan söýlüp okalmagy akyldar şahyryň umumyhalky şahyrdygyny subut edýär. 2024-nji ýyly “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýip atlandyrmak hem-de “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy” mynasybetli ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar. Biz hem öz gezegimizde akyldar şahyrymyzyň hatyrasyna, 300 ýyllyk şanly toýuna sowgat hökmünde öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewli ajaýyp şygyrlaryny, akyldaryň häzirki döwürde at-abraýyny ýaş žurnalitsler hökmünde öz eserlerimizde yzygider halka ýetireris.
Bize okamaga, öwrenmäge, döretmäge, milli medeniýetimiz, edebiýat sungatymyz bilen içgin tanyşmakda şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, tutuş adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Mollaýewa Gülnaza,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli
dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we
edebiýaty fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.