Uly şäherlerde iňlis dilini has ýokary derejede bilmekligiň zerurlygy

Näme üçin uly şäherlerdäki adamlar iňlis dilini has gowy bilýärler?!
Netijelerini almak üçin EF (Education First (EF) kompaniýasy dünýäde iňlis dili synaglaryny tabşyran 2 million adamyň, şol sanda 35-si Ýewropa ýurdunyň adamlarynyň maglumatlaryny seljerdi. Soňra her ýurda 800 baldan reýting berdiler.
Her uly şäherde diýen ýaly iňlis dilini bilmekligiň has ýokarydygyny we paýtagt şäherleriň umuman ýurtlaryndan öňe geçýändigini anykladylar.
Iş we ykdysadyýet bu ýurt we şäher bölünişiginiň iň ähtimal sebäpleridir. Ofis işleriniň köpüsi, iňlis diliniň umumy dili has ýygy ulanylýan halkara gurşawyna täsir edýär.
Iňlis dilini bilmek beýleki yklymlar bilen deňeşdirilende Ýewropada-da iň ýokary bolup, 2011-nji ýyldan bäri ep-esli ýokarlandy. Muňa garamazdan, Ýewropanyň käbir iri ykdysadyýetleri, şol sanda Germaniýa, Fransiýa we Italiýa ilkinji onluga girip bilmedi.
Ýewropanyň haýsy ýurtlarynda iňlis dilini bilmek iň gowy?
ÝB-ne agza sekiz ýurt birinji orny eýeledi, Horwatiýa 10-njy ýerde. Demirgazyk ýurtlary hem agdyklyk etdi, Finlýandiýa we Şwesiýa, Daniýa üçünji orunda durýar.
Awstriýa mümkin bolan 800 baldan 641 bal toplap, ikinji ýeri eýeledi, şonuň üçin nemes milli dili bolsa-da, syýahatçylyk sebitlerinde iňlis dilinde piwo zakaz etmekde kynçylyk çekmersiňiz (nemes dilinde-de beýle kyn däl).
Awstriýa Gollandiýa tarapyndan 800-den 663 oçko toplap, iň ýokary orny eýeledi. Gollandiýalylaryň 91 bilen 93 göterimi arasynda iňlis dilinde gürleşip biljekdigini öňe sürdi.

Bägül BAÝRAMDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen 
milli dünýä dilleri institutynyñ Iňlis dili we 
edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25