HYTAÝ AWTOKOMPANIÝASY BATAREÝALY TÄZE ELEKTRIK AWTOULAGYNY HÖDÜRLÄR


Awtoulag kompaniýasy «Nio» şu tomus täze görnüşli batareýa bilen hereket edýän «Nio ES6» elektrik awtoulagyny satuwa çykarmagy meýilleşdirýär. Elektrik awtoulagy adaty batareýalardan 1,5 esse köp diapazony üpjün etmäge ukyplydyr. Bu barada «TechInsider» habar berýär.
Geljekde gaty berk batareýalar häzirki zaman çygly litiý-ion batareýalarynyň ornuny tutar.
Olaryň tapawudy energiýa ätiýaçlygyny ýokarlandyrjak we zarýad alyş wagtyny tygşytlajak ýokary energiýa dykyzlygyndadyr. Hususan-da, «Nio nikel» esasly batareýa, häzirki zaman batareýalaryna garanyňda, 44,44% ýokary zarýad dykyzlygyny üpjün edýär. Onuň agramy bary-ýogy 3-4% köp we şol bir ölçeglere laýyk gelýär.
Öndürijiniň pikiriçe, 150 kWt sagat modul 1000 km aralygy energiýa bilen üpjün edýär.
Batareýalar üçin öýjükleri bolsa, Hytaýyň «WeLion» kompaniýasy taýýarlaýar.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25