Samsung emeli intellekt ornaşdyrylan we internetsiz işläp bilýän täze smratfonyny tanyşdyrar


Geljek ýylda Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy emeli intellekt ornaşdyrylan täze smartfon bilen tanyşdyrar. Bu barada üçünji çäriýegiň maliýe netijelerine bagyşlanan hasabat maslahatynda habar berildi diýip BusinessKorea ýazýar.

Täze enjamyň aýratynlygy, OpenAI-yň ChatGPT-e meňzeş emeli intellekt internete birikmegi talap etmeýär. Bu bolsa, ulanyja dürli hyzmatlara ýönekeý buýruklaryň kömegi bilen birikmäge mümkinçilik berer.

Täze tehnologiýanyň 2024-nji ýylyň başynda tanyşdyryljak Galaxy S24 flagman smartfonunda, ýa-da geljek ýylyň ikinji ýarym ýyllygynda satuwa çykaryljak Galaxy Z Fold6 we Flip6 eplenýän smartfonlarda ornaşdyryljakdygyna garaşylýar.




Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25