ABŞ-da Wi-fi-dan 100 esse güýçli simsiz aragatnaşyk ulgamy döredildi


Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan girdeji gazanmaýan inženerçilik birleşigi bolan (IEEE) Elektrik we elektronika inženerleri instituty «802.11bb indeksli Li-Fi» (Light Fidelity) simsiz aragatnaşyk ulgamyny gurdy.

Hünärmenler Li-Fi arkaly maglumat geçiriş tizliginiň Wi-Fi-dan 100 esse ýokary we howpsuzdygyny öňe sürýärler. Bu barada «Tom’s Hardware»-niň onlaýn neşiri habar berýär.

Li-Fi bilen Wi-Fi-yň arasyndaky tapawut, bu simsiz aragatnaşyk tehnologiýasynyň maglumatlaryny geçirmek üçin radio tolkunlarynyň ýerine görünýän ýagtylyk diapazonynda elektromagnit tolkunlary ulanylýar.

Şeýlelik bilen, adaty yşyk-diodly yşyklar maglumat göteriji hökmünde çykyş edýär we signal kabul edijiler olardan maglumat alyp bilerler. Iş ýüzünde Li-Fi ulanyjylary ýagtylygy duýmazlar, sebäbi 60 gersden ýokary ýygylyklarda ýüze çykýar we adam gözi bilen duýulmaýar.




Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/tehnologiya/it-tehnologiyalar

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25