«Web3» - çäksiz internet ulgamy
Internet – bu häzirki günlerde adamzadyň iň bir gerekli zerurlyklarynyň hataryna girdi. Ol 20-nji asyrdan bäri diňe akyl ýetirip bolmajak derejede ösýär we giňeýär.
Internet döredileni bäri ol «Web 1.0», «Web 2.0» we «Web 3.0» ýaly tpgyrlary öz içine alyp, olaryň her biri dörediji hem-de ulanyjy tarapyndan giňden peýdalanylyp, birnäçe ösüşleriň, ýeňillikleriň giň mümkinçilik çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Indi bolsa biz internediň täze döwrüniň bosagasynda, ýagny «Web3» diýlip atlandyrylýan çäksiz internet ulgamynyň geljekde has ýaýran görnüşinden peýdalanyp bileris.
«Web 3.0» 2014-nji ýylda Ethereum Gewin Wudom tarapyndan oýlanyp tapylyp, kriptowalýuta bilen gyzyklanýanlar tarapyndan 2021-nji ýylda meşhurlyga eýe boldy. «Web3»-iň kömegi bilen ulanyjylar özleriniň şahsy maglumatlaryny, internet işjeňligi baradaky we sanly ulgamdaky ähli maglumatlaryny, bank hasaplaryny berk gözegçilik astynda saklap bilerler. Munuň üçin her bir ulanyja ýörite bellenilen programmalary ýükläp almak gerek bolar.
«Web3»-iň kömegi bilen birnäçe bikanun hereketleriň azalmagy gazanyldy we howpsuzlygy goramakda giň şertler dörediler.
Şeýle-de, ylym-bilim, saglyk, söwda, syýasy, sosial torlar, energetika we birnäçe beýleki pudaklarda has öňegidişlige mümkinçilik açylar.