“Samsung” emeli intellektli smartfon öndürer



“Samsung” kompaniýasy içinde emeli intellekt ornaşdyrylan smartfonlary we ýönekeý telefonlary öndürmäge taýýarlyk görýär.  Bu barada “GalaxyClub” portaly habar berýär. 
Munuň şeýledigine kompaniýanyň Günorta Koreýa we Angliýa ýaly ýurtlarda bellige alnan degişli söwda nyşanlary, hususan-da, “AI Phone” we “AI Smartphone” görnüşleri hem şaýatlyk edýär. Hususan-da, AI Telefon we AI Smartfon, ýagny “AI bilen telefon” we “AI bilen smartfon”.

Şeýle enjamlar internet baglanyşygy bolmazdan, neýron işini ulanmak arkaly dürli buýruklary gaýtadan işlemäge ukyply bolar. 
Noýabr aýynyň başynda “Samsung” gepleşik geçirmäge, tekstleri, şekilleri we ýazuw koduny döretmäge ukyply bolan “AI Gauss” emeli intellektini hödürledi. “Galaxy S24” modelli smartfonlar ilkinji bolup, emeli intellekte eýe bolarlar.






Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25