Dil we kommunikasiýa tehnologiýalary



Dil we aragatnaşyk tehnologiýalary (LCT - gysgaça dil tehnologiýalary diýlip atlandyrylýar) dil we aragatnaşygy barlaýan tehnologiýany ylmy öwrenmekdir. Informatika, lingwistika we aň-bilim ylymlaryny öz içine alýan dersara ugurdyr.

1950-nji ýyllarda öwrenilen ilkinji meseleleriň biri, kompýuter oýlanyp tapylanyndan gysga wagt soň LCT meselesi, ýagny adam dilleriniň terjimesi boldy. Maşyn terjimesine goýlan köp mukdarda serişde, bu pudagyň döredilen gününden bäri ähmiýetiniň subutnamasydyr. Hut şu döwürde alymlar ylmy usullara esaslanýan dil we aragatnaşyk teoriýalaryny ösdürip başladylar. 

Kompýuterler we şuňa meňzeş tehnologiýalar, hasaplaýyş ulgamynyň arasynda aragatnaşyk düşünjesi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleriň geçirilip bilinjek fiziki we konseptual esaslaryny üpjün etdi. Hakykatdanam, bu gurluş birnäçe derejede netijeli boldy. Ilki bilen, tebigy dili gaýtadan işlemek (NLP) ýa-da hasaplaýyş lingwistikasy (CL) diýlip atlandyrylýan täze bir ders döretdi. Bu ders, hasaplama nukdaýnazaryndan, söz önümçiliginden tekstleriň we gepleşikleriň manysyna çenli diliň ähli derejelerini öwrenýär. Soňky 40 ýylyň dowamynda NLP ses gurluşyny (fonologiýa), söz gurluşyny (morfologiýa), grammatiki gurluşy (sintaksis) we semantik gurluşy (semantikany) derňemek üçin çeşmeleriň, usullaryň we gurallaryň täsirli hasaplaýyş infrastrukturasyny öndürdi. Bu hasaplaýyş infrastrukturasy diňe bir dil programmalary üçin möhüm bolman, eýsem adam diliniň we aragatnaşygynyň gurluşyny öňküsinden has çuňňur ylmy derejede öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Gülaýym ARTYKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen 
milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we 
edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25