Kommunikasiýa tehnologiýalarynda dilleriň roly
Dil we kommunikasiýa tehnologiýalary (LCT; adam dil tehnologiýalary ýa-da gysgaça dil tehnologiýalary diýlip hem atlandyrylýar) dil we aragatnaşygy barlaýan tehnologiýany ylmy öwrenmekdir. Informatika, lingwistika we aň-bilim ylymlaryny öz içine alýan dersara ugur.
1950-nji ýyllarda öwrenilen ilkinji meseleleriň biri, kompýuter oýlanyp tapylanyndan gysga wagt soň LCT meselesi, ýagny adam dilleriniň terjimesi boldy. Maşyn terjimesine goýlan köp mukdarda serişde, bu pudagyň döredilen gününden bäri ähmiýetiniň subutnamasydyr. Hut şu döwürde alymlar ylmy usullara esaslanýan dil we aragatnaşyk teoriýalaryny ösdürip başladylar. Dil meselesinde Noam Çomski dil biliminiň maksadyny diliň resmi beýany gözlemek hökmünde düşündirýär, Klod Şannon we Uorren Wewer bolsa aragatnaşyk bilen maglumat baglanyşdyrýan matematiki teoriýany üpjün edýär.
Kompýuterler we şuňa meňzeş tehnologiýalar, hasaplaýyş ulgamynyň arasynda aragatnaşyk düşünjesi bilen baglanyşykly ylmy gözlegleriň geçirilip bilinjek fiziki we konseptual esaslaryny üpjün etdi. Hakykatdanam, bu gurluş birnäçe derejede netijeli boldy. Ilki bilen, tebigy dili gaýtadan işlemek (NLP) ýa-da hasaplaýyş lingwistikasy (CL) diýlip atlandyrylýan täze bir ders döretdi.
Keýik SOLTANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň Rus dili we
edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.