Magtymguly Pyragy - umumadamzat şahyry



Türkmen halky ençeme şahyrlary döretdi, emma şolaryň arasynda söz ussady, deňi¬taýy bolmadyk beýik Magtymguly birinji orunda durýar. Magtymguly türkmeniň poeziýa¬synda gymmatbaha daşlaryň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar.
Ýewgeniý Bertels, rus alymy

Magtymguly başlangyç terbiýäni kakasy Döwletmämmet Azadydan alýar. Ol bu barada: "Ylym öwreden ussat-kyblam pederdir" - diýip ýazýar. Magtymguly ilki oba mekdebinde okaýar. Onuň ilkinji mugallymyna Nyýazsalyh diýer ekenler. Magtymguly örän zehinli we ýiti akylly bolupdyr. Ol dürli kitaplary çakdan- aşa köp we irginsiz okapdyr. Magtymguly ýaş wagty kakasyndan, ejesinden we obanyň garry adamlaryndan köp-köp halk rowaýatlary, goşgy-gazallary, erteki we nakyllary höwes bilen diňleýär eken. Ol kakasy Döwletmämmet Azadynyň döreden eserleriniň köpüsini ýatdan öwrenipdir.

Magtymgulynyň ady bilen bagly segseninji ýyllardan bärligine rowaçlanan ýene bir ugur ýatlanylmaly. Ol şahyryň eserleriniň tekstologik derňewi, köp awtorlara, şol sanda Magtymgulynyň adyna berlip gelýän şol birmeňzeş şygyrlaryň hakyky ýazaryny hem-de akyldaryň doglan we ýogalan ýyllaryny anyklamak bilen bagly ugurdyr. Bu ugra degişli başlangyç işler akademik B.A. Garryýew, Z.B. Muhammedowa, G. Nazarow, A. Mülkamanow ýaly edebiýatçy alymlar tarapyndan ýazyldy. Başlangyç işler hökmünde olarda Magtymgulynyň obrazly pikirlenmekdäki aýratynlyklary, özboluşly stil öwüşginlikleri her taraply ýüze çykarylmandy.

Nasiba DÖWLETOWA,
Çärjew etrabynyň 30-njy orta 
mekdebiniň   kitaphanaçysy.

Paýlaş

Salgymyz:

 Aşgabat, Magtymguly şaýoly 136.





Telefon belgiler:
+993 12 36-19-25