Daşary ýurt dillerini öwrenmek döwrüň talaby
Gündelik durmuşda tehnologiýany ulanmagyň köp usuly dil bilimini talap edýär. Şonuň üçin bu ikisi biri-biri bilen gaty ýakyndyr. Mysal üçin, sosial mediýada dostuňyz bilen söhbetdeşlik etmek hem dil ulanmagy talap edýär we şol bir wagtyň özünde uzak aralykda aragatnaşygyň aňsatlygyny üpjün edýär. Öýüňizdäki temperaturany kadalaşdyrmak termostata bahalary girizmegiňizi talap edýär - bu tehnologiki meseläni ýerine ýetirmek hem dil ulanmagyň mysalydyr. Dil we tehnologiýa biri-biri bilen baglanyşyklydyr. Tehnologiki üstünlikleriň döremegi üçin köp mukdarda dil talap edilýär. Bu, alymlaryň we inženerleriň bir pikiri durmuşa geçirmek üçin biri-biri bilen aragatnaşyk saklamagy ýa-da ulanyjylaryň, tehnologiýanyň özi bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklamagy arkaly bolup biler.
Diller sosial hadysa hökmünde ýüze çykýar, ösýär. Onuň esasy maksady adamzat jemgyýetiniň zerurlyklaryna hyzmat etmek we ilkinji nobatda uly ýa-da kiçi sosial toparyň agzalarynyň arasynda aragatnaşyk saklamak, şeýle hem bu toparyň köpçülikleýin ýadynyň işlemegini üpjün etmekdir. Tehnologiýany nirede tapsaňyz, şol ýerde dili hem taparsyňyz. Şonuň üçin dil bilen tehnologiýanyň arasyndaky baglanyşyk hiç wagt bozulmaz. Tehnologiýa diňe bir diliň barlygyna bil baglamak bilen çäklenmän, tehnologiýa dil tarapyndan dolandyrylýar, öwredilýär we üýtgedilýär. Tehnologiki üstünlikleri üpjün etmekde diliň iň möhüm rollaryndan biridigini hem aýdyp bolar.
Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ösdürmekde, ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagynda örän ähmiýetli Kararlaryň biri bolup durýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda ýagny, mekdebe çenli, başlangyç, esasy orta, umumy orta, başlangyç hünär, orta hünär, ýokary hünär, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär biliminde bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenýänleriň bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw we ylmy işini ele almagyny üpjün edýän okatmagyň sanly innowasion dil öwreniş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak ýaly wajyp işler bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär.
Jemal JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Diller kafedrasynyň mugallymy.